Ak köýnek

Doglan günüme gowy ak köýnek sowgat beripdiler, men bolsa ol köýnegi düýn bir ýerlerik geýip gitdim. Köýnek meň göwnüme diýseň ýaraýardy, ol maňa gelşýärdi, men bu köýnegi aýamaly we diňe toýa we başga (şoňa meňzeş) çärelere geýmeli diýen karara geldim. Ýöne hiç bir zada biziň ýüregimiz ýelmeşmeli däl. Düýn meň ak köýnegime garaja möjekler gonup başlady we meň köýnegim hapalandy. Möjekleriň käbirini egnimden aýyrjak bolamda mynjurady, käbirleri bolsa men oturyp arkan ýaplanamda mynjyradylar. Şeýdip meň göwnüme ýaran köýnek hapalandy. Adam göwnüne çenden aşa ýaran zady, Beýik Ýaradyjy elmydama azajyk hapalaýar, ol zatda kemçilik dörär ýaly edýär. Edil şol programmaň çäginde, Allah owadan gyzlary hem azajyk hapalaýar, seň göwnüň çenden aşa olara ýelmeşmez ýaly.